Awazada 3 aýda 150 müňden gowrak raýat dynç aldy

  • 28.08.2022 08:38
  • 14k+

Şu ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 150 müňden gowrak adam dynç aldy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Awaza etrabynyň häkimi hasabat berdi.

27-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde hereket edýän düzümleriň dolandyryş we hojalyk işlerine zerur üns berilmelidigini, munuň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, deňziň kenarynda dynç alýanlar üçin häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şüweleňli çykyşlaryň guralmalydygyny nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň myhmanlaryna hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmalydygyny, hiliniň ýokarlandyrylmalydygyny belläp, bu babatda Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýewe degişli maslahatlary berdi. Hormatly Arkadagymyz şu ýyl tomusky dynç alyş möwsüminde Awazada dynç alanlaryň sany bilen gyzyklandy. Häkim üç aýyň dowamynda bu ýerde dynç alanlaryň sanynyň 150 müňden geçendigini habar berdi.
Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş düzümleriniň, myhmanhanalarynyň arasynda degişli bäsleşigi guramagyň we onuň netijeleri boýunça ýeňijileri höweslendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda häkime maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz Awazada dynç alýanlar üçin gämili, gaýykly gezelençleriň guralmagynyň has-da peýdaly boljakdygyny, “Awaza” derýasy bilen gämili, gaýykly gezelenç edip, deňze çykýan adamlarda ajaýyp görnüşlerden ýakymly ýatlamalaryň galjakdygyny nygtady.


düýn 17:48
5.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.1k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.5k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....