Karim Benzema möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

  • 26.08.2022 09:49
  • 14k+

Madridiň “Realynyň” fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema UEFA tarapyndan 2021/2022-möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy. 34 ýaşly futbolçy topar bilen bilelikde Çempionlar ligasynda we Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy. Bu barada championat.com belleýär.

Geçen möwsüm Benzema 46 oýna gatnaşyp, 44 gol geçirdi we 15 netijeli geçirim etdi. Hüjümçi 2009-njy ýylyň tomsundan bäri “Realda” çykyş edýär, ol “Reala” “Lion” fransuz toparyndan geçdi.
Şeýle-de, Benzemanyň hasabynda Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin 97 oýun we 37 gol bar. Çempionlar ligasynyň täze möwsüminde “Real” toparlaýyn tapgyrda “Leýpsig”, “Şahtýor” we “Seltik” bilen oýnar.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....