Papua-Täze Gwineýada kofe we palma ýagy ministrlikleri döredildi

  • 25.08.2022 18:21
  • 7.4k+

Papua-Täze Gwineýanyň ýakynda gaýtadan saýlanan premýer-ministri Jeýms Marape oba hojalyk önümçiligini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde ýurtda kofe we palma ýagy ministrliklerini döretdi. Bu barada Sputnik International agentligi habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Hökümet baştutanynyň aýtmagyna görä, täze ministrlikleriň döredilmegi häkimiýetleriň Papua-Täze Gwineýanyň ilatynyň oba hojalyk pudagynda syýasatdan garaşýan tamalaryny ödemek üçin mümkin bolan ähli zady etmäge isleginiň bardygyny we taýýardygyny görkezýär.
Soňky ýyllarda Gwineýanyň kofesi beýleki ýurtlarda has islegli boldy, ony ABŞ, Awstraliýa we Ýaponiýa satyn alýar. Ýurt häkimiýetleri kofe pudagynyň gaýtadan dikeldilmäge mätäçdigini bellediler.

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......