Sekiz gezek olimpiýa çempiony, ýamaýkaly sprinter Useýn Bolt ýaryşlardaky baýramçylyk ruhly ýeňiş durkuny haryt nyşany hökmünde bellige aldyrmakçy bolýar. RIA Nowostiniň habar bermegine görä, türgen 17-nji awgustda ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna degişli arzany berdi.
Her ýeňşinden soň ylgawçy türgen göwresini yza gaýşardyşyna çep elini göneldip, sag elini tirseginden epip barmaklary bilen gögi görkezýär. Haryt nyşanynyň taslamasy şu durkuň ak fondaky gara sudurydyr.
Ýamaýkaly türgen öz patentlenen şekilini geýimde, aýakgapda we bezeglerde, şeýle-de restoranlarda we sport barlarynda ulanmagy göz öňünde tutýar.
«Onuň ýeňiş durkunyň suduryny tutuş dünýäde tanaýarlar. Haryt nyşanynyň bellige aldyrylmagy onuň özüne talap hatynda sanalan harytlary teklip etmäge ýa-da üçünji adama haryt nyşanyny ulanmak hukugyny bermäge mümkinçilik berer» — diýip, haryt nyşanlary boýunça hünärmen Joş Gerben gürrüň berdi.
Useýn Bolt 36 ýaşynda. Ol gysga aralyga ylgamakda sekiz gezek olimpiýa çempiony we 11 gezek dünýä çempiony boldy. Sprinter sport karýerasyny 2017-nji ýylyň dünýä çempionatyndan soň tamamlady.