Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisindäki ileri tutýan garaýyşlaryny mälim etdi

  • 24.08.2022 13:00
  • 7.9k+

Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlar. Ençeme ýylyň dowamynda emele gelen däbe görä, halkara durmuşyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan nobatdaky syýasy möwsümde ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Daşary işler ministrliginiň şu garaýyşlar barada maglumat berýän makalasy “Türkmenistan” gazetiniň 24-nji awgustdaky sanynda çap edildi.

Möhüm şanly senä — Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň işiniň esasy ugry ählumumy derejede pugta we uzak möhletleýin parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekden hem-de goramakdan ybarat bolar. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle-de onuň kömekçi edaralary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar. Ýurdumyz şol ýöriteleşdirilen düzümleriň agzasy bolup durýar.
Türkmenistan halkara hukugyň kadalaryna, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, döwletara gatnaşyklarda we dünýä ykdysadyýetinde köptaraplylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk ädimleri äder. Şunuň bilen baglylykda, sebit we halkara gün tertibinde duran wezipeleri çözmek babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça işler dowam etdiriler.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......