Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer

  • 23.08.2022 14:27
  • 16k+

Ýeňil agramda UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson indiki söweşini ýarym orta agram kategoriýasynda geçirer, onuň garşydaşy bolsa diwizionyň 14-nji belgisi Li Jinliang bolar diýip, fighttime.ru belleýär.

10-njy sentýabrda Las-Wegasda UFC 279 turnirinde geçiriljek söweş barada UFC-niň prezidenti Dana Uaýt habar berdi.

“Toni heniz kim bilen söweşýändigini aýtmadymy? Bu Li bolar” – diýip, guramanyň ýolbaşçysy UFC 278 turnirinden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Şu ýylyň maý aýynda Toni Fergýuson ikinji raundda Maýkl Çendlerden nokaut bilen basylyp, bassyr dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Li Jinliang bolsa iýul aýynda ikinji raundda Muslim Salihowy tehniki nokaut bilen ýeňip, Hamzat Çimaýewden möhletinden ir ýeňlenden soň, karýerasyna üstünlik getirdi.
Ýatlap geçsek, UFC 279 turniriniň esasy wakasy ýarym orta agramda Hamzat Çimaýew bilen Neýt Diasyň arasyndaky söweş bolar.


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......