«Mançester Ýunaýted» bilen «Real» Kazemironyň geçmegini ylalaşdylar

  • 21.08.2022 20:16
  • 12k+

«Realyň» ýarymgoragçysy Kazemiro karýerasyny «Mançester Ýunaýtedde» dowam eder. Abraýly insaýder Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, geleşik ylalaşylypdyr. Braziliýaly türgen iňlis klubuna geçmäge razylyk berip, «Mançester Ýunaýtediň» teklibini kabul etdi. "MÝ" onuň üçin 60 mln ýewro tölär. Ýene 10 mln ýewro bonus hökmünde tölenmegi mümkin.

Ýakyn günlerde ýarymgoragçyny iňlis klubunda lukmançylyk barlagyndan geçirmek meýilleşdirilýär. Braziliýaly türgen «Realda» iň ýokary hak alýan futbolçylaryň hatarynda durýar. "MÝ" Kazemira hepdede 413 müň ýewro gazanýan Dawid de Heanyň derejesinde aýlyk bermäge taýýar.
Owal «Realyň» baş tälimçisi Karlo Ançelotti Kazemironyň topardan gitmek hyýalynyň bardygyny tassyklapdy. Italiýaly hünärmen Madridde onuň islegine düşünmek bilen garandyklaryny mälim edipdi.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....