BSGG Ebola gyzzyrmasyna garşy iki sany täze serişdäni maslahat berdi

  • 21.08.2022 16:16
  • 7.5k+

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Ebola wirusy bilen ýüze çykan keseli bejermek üçin iki sany täze serişdäni ulanylyş üçin maslahat berdi. Onuň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, gürrüň monoklonal antibedenjiklerine esaslanýan mAb114 (Ansuvimab, Ebanga) we REGN-EB3 (Inmazeb) dermanlary barada gidýär diýip, TASS habar berýär.

“Dermanlaryň randomizirlenen kliniki synaglaryna yzygiderli gözegçiligiň we metaanaliziň esasynda BSGG bu serişdeleri Ebola keselinde ulanmak maslahaty bilen çykyş etdi”. Ženewadaky brifingde BSGG-niň kliniki kömek bölüminiň ýolbaşçysy Janet Diaz “Ansuvimab” we “Inmazeb” serişdeleriniň hassalaryň ölüm derejesini 60% azaldýandygyny aýtdy. Bu dermanlar Afrikadaky Ebola ýaýrawy wagtynda synagdan geçirildi. Aýratynam, iň uly barlag Kongo Demokratik Respublikasynda (KDR) geçirildi.

BSGG Ebolany bejermek boýunça gollanmada ZMapp we Remdesivir serişdelerini bu kesele garşy derman hökmünde ulanmaly däldigini habar berdi.
Ebola wirusy ýabany haýwanlardan geçip, soňra adamlaryň arasynda ýaýraýar. Bu keseliň ilkinji alamatlary gyzzyrma, myşsa agyrylary, kellagyry we bokurdagyň agyrmagydyr. Soňra böwrekleriň we bagryň işiniň bozulmagy, käbir ýagdaýlarda bolsa içki we daşky gan akma ýüze çykýar. Adamyň Ebola wirusy bilen kesellemeginiň ilkinji hadysasy 1976-njy ýylda häzirki KDR-iň çäginde hasaba alyndy. Kesellänleriň sany boýunça iň uly ýaýraw 2014 – 2016-njy ýyllarda Günbatar Afrikada Gwineýanyň, Liberiýanyň we Sýerra-Leoneniň çäginde boldy. Onuň pidalarynyň sany 11 müňden geçdi.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......