Meşhur Eýfel diňi 84 million ýewro çykdajy bilen 20-nji gezek reňklener

  • 20.08.2022 10:34
  • 18k+

Pariždäki meşhur Eýfel diňini reňklemek üçin 84 million ýewro bölünip berler. Bu barada Eýfel diňine ideg etmek boýunça jemgyýetiň prezidenti Žan-Fransua Martanyň «RMC» radiostansiýasyna beren gürrüňine salgylanyp, iri habarlar agentlikleri maglumat ýaýradýar.

“Biz diňi 20-nji gezek reňklemegi meýilleşdirýäris. Täze reňk çalmazdan ozal, öňki reňkli gatlagy aýyrmaly bolar. Biz bu işe, takmynan, 84 million ýewro maýa goýýarys” diýip, Žan-Fransua Martan belleýär.

Ol diňiň posuny arassalamak üçin ony her 7-8 ýyldan reňklemegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de Žan-Fransua Martan Eýfeliň oňat ýagdaýdadygyny, ygtybarlydygyny hem-de ýykylmak ýagdaýynda däldigini sözüniň üstüne goşdy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň awgustynda dynç günleri diňe gelip görenleriň sany günde 28 müň adama ýetdi. Munuň özi örän gowy görkezijidir. Eýfel diňi her ýylda ortaça onuň eteginde jemlenýän syýahatçylaryň 21 milliondan gowragyny özüne çekýär.  


25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4.1k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......