Iň meşhur tiktokçy Italiýanyň raýaty boldy

  • 19.08.2022 23:12
  • 29k+

Akla sygmajak wakalara sözsüz wideolary düşürýän, TikTok-yň iň meşhur blogeri Habi Leým italýan raýatlygyny aldy. Bu barada 18-nji awgustda, penşenbe güni Le Figaro fransuz gazeti habar berdi.

Sosial torda 150 mln abunaçysy bolan 22 ýaşly bloger Senegalda doglan, emma bir ýaşyndaka maşgalasy bilen Italiýa göçýär. Bloger men özümi mydama italýan ýaly duýýardym diýýär.
Leýmiň önüp-ösen ýeri bolan, Turinden uzakda bolmadyk Kiwassoda oňa resmi ýagdaýda italýan raýatlygynyň berliş dabarasy boldy. Italiýada, esasan, doglan ýeriňe däl-de, ganyňa seredilýär: italýan raýatlygyny gysga wagtda almak üçin italýan garyndaşyň bolmaly, ýogsam bu iş, köplenç, juda uzaga çekýär.
2020-nji ýylda Habi Leým koronawirus pandemiýasy sebäpli zawoddaky işini ýitirenden soň, TikTok-da gysga wideolary düşürip ugraýar. Şol döwürde ol edere iş tapman, wideo çykarmak kararyna gelýär we özüniň hem bimany hasaplaýan wakalaryna ýüzüň ýönekeý mimikasyny we sessiz jogabyny düşürip, tiz wagtda meşhurlyk gazanýar.  
Habi Leým geçen ýylyň iýunynda TikTok-yň iň meşhur blogeri boldy. Şonda ol sosial torda öz tanslary bilen meşhurlyk gazanan, 142 mln abunaçysy bolan amerikaly Çarli D Ameliodan öňe geçipdi. Ýaş ýigit indi kino dünýäsi bilen gyzyklanýar, 75-nji Kann kinofestiwalynda ol TikTok ugrundan emin agzasy boldy.  

şu gün 00:57
54

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
240

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.9k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......