Apple torbalaryny barladanlary üçin öz işgärlerine pul tölär

  • 18.08.2022 23:56
  • 11k+

Apple Kaliforniýadaky dükanynyň işgärleri bilen özara ylalaşyga geldi. Bellääp geçsek, işgärler öň torbalaryny barlatmak üçin wagt ýitirýändiklerinden nägile bolup talap arzasyny berdiler. Olar bu düzgün üçin ýitiren wagtlarynyň öweztölegini bermeklerini sorapdyrlar.

2013-nji ýylda Apple-iň Kaliforniýadaky 52 dükanynyň 14 683 işgäriniň adyndan berlen köpçülikleýin talap arzasynda torbalaryny barlatmak üçin sarp eden wagtlarynyň öweztölegini bermän, kompaniýanyň ştatyň kanunyny bozandygy nygtalýardy. Apple hem öz gezeginde işgärleriň torbalaryny howpsuzlyk nukdaýnazaryndan barlamagyň zerurdygyny mälim edipdi. Kompaniýa işgärleriň gurluşlary ogurlap-ogurlamaýandygyna göz ýetirmek isläpdi. Ula ýazan dawadan soň, Apple bu düzgünini ýatyrdy. Indi kompaniýa dükanlarynyň işgärlerine 30,5 mln dollar tölemeli boldy.


düýn 16:26
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......