Apple iPhone 14-i bildiriş etjek senesini aýtdy

  • 18.08.2022 23:46
  • 14k+

Apple 7-nji sentýabrda iPhone 14 we beýleki täze çykaran gurluşlary bilen tanyşdyrar diýip Bloomberg habar berýär. Bu çäre onlaýn formatda geçer diýip çaklanylýar.

Ýaýran köpsanly habarlara görä, agzalan gün Apple esasy iPhone 14-iň hataryna girjek iPhone 14-ler liniýasyny, uly ekranly täze iPhone 14 Max-y we öňdebaryjy iPhone 14 Pro-ny hem-de 14 Pro Max-y görkezer.
Öňdebaryjy modelleriň, belgili modeller bilen deňeşdirilende, has göze ilýän gowulandyrmalara eýe bolmagyna garaşylýar. Olara täze kese kesik, Always-on-Display we çipsetiň täze Apple A 16 Bionic nesli mysal bolup biler. 
Bloomberg-iň maglumatyna görä, Apple Store-niň işgärlerine 16-njy sentýabrda täze önümi goýbermäge «taýýar bolmagy maslahat» berdiler.
Şeýle-de, Apple 7-nji sentýabrda geçjek çäräniň dowamynda  täzelenen Apple Watch Series 8-i, şol sanda sportuň ekstremal görnüşleri üçin täze modeli we Apple Watch SE-ni görkezer diýip garaşylýar.
AirPodsPro-nyň ikinji nesliniň we iPad 10-nyň tanyşdyrylyşy biraz soň, güýzde geçer.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....