Saudi Aramco II çärýekde arassa girdejisini 90% ýokarlandyrdy

  • 17.08.2022 13:30
  • 7.7k+

Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy Saudi Arabian Oil Co. (Saudi Aramco) 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy netijesinde arassa girdejisini 90% ýokarlandyrdy. Bu barada kapital.kz belleýär.

Metbugat relizinde bellenilişi ýaly, çärýekleýin arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 25,5 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 48,4 mlrd dollar boldy. Bu 2019-njy ýylda kompaniýanyň IPO-syndan bäri rekord görkezijidir.
Şu ýylyň iki çärýeginde girdeji tas 88 mlrd dollar boldy. Kapitallaşdyrma boýunça dünýäniň iň uly kompaniýasy bolan Apple Inc. soňky üç çärýekde ondan az gazandy (79 mlrd dollar) diýip, Associated Press belleýär. Girdejiniň artmagyna nebitiň bahasynyň we satuwyň ýokarlanmagy, şeýle-de nebiti gaýtadan işleýiş we nebithimiýa ugurlarynda amallaryň girdejililiginiň ýokarlanmagy ýardam etdi.
Ikinji çärýekde Saudi Aramco-nyň uglewodorod önümçiliginiň umumy möçberi bir günde 13,6 mln barrel nebit ekwiwalentine deň boldy.
Aprel – iýun aýlarynda maýa goýumlar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25% ýokarlanyp, 9,4 mlrd dollar boldy. Birinji ýarymýyllykda görkeziji 8%, 16,9 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
Ikinji çärýegiň jemi boýunça kompaniýa diwidend tölemek üçin, takmynan, 18,8 mlrd dollar gönükdirer.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...