Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty (15.08 — 21.08)

  • 14.08.2022 23:58
  • 28615
Türkmenistanda geljek hepdäniň howa maglumaty (15.08 — 21.08)

Geljek hepde Türkmenistanyň aglaba sebitlerinde howanyň ortaça temperaturasynyň geçen hepdä garanda 1-2 dereje peselmegine garaşylýar. Käbir welaýatlarda güýçli şemalyň bolmagy mümkin. Lebap welaýatynda şemalyň tizligi sekuntda 20 metre ýeter diýip garaşylýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda ortaça temperatura, geçen hepde bilen deňeşdirilende, bir dereje peselip, +35 bolar. Duşenbe we sişenbe günleri howa gaty gyzar we +39 dereje bolmagyna garaşylýar. Çarşenbede aňrybaş temperatura +35 derejä çenli birden aşaklar.
Penşenbe güni +36 dereje yssy bolar. Anna güni termometriň sütünjiginiň +34 derejä çenli aşaklamagy mümkin. Dynç günleri aňrybaş temperatura +32 derejede saklanar. 

Balkan welaýatynda tutuş hepdäniň dowamynda ortaça temperatura onçakly üýtgemez diýip garaşylýar, ol +37 derejede saklanar. Hepdäniň birinji ýarymynda yssy bolar — duşenbede we sişenbede howa +40 dereje bolmagy mümkin.
Çarşenbe güni tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar, temperatura bolsa +39 derejede bolar. Penşenbe we anna günleri howa +37 dereje bolar, şeýle-de, anna güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Dynç günleri aňrybaş temperatura +35 derejä çenli aşaklar, şenbe güni şemal güýçlenip, tizligi sekuntda 18 metre ýeter. 

Daşoguz welaýatynda ortaça temperatura, geçen hepdä garanda, birbada iki dereje aşaklar we +34 dereje bolar. Duşenbede howanyň +39 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbe güni termometriň sütünjigi +37-ä çenli, çarşenbe güni bolsa +35 derejä çenli aşaklar.
Penşenbe we anna günleri aňrybaş temperatura +34 derejeden ýokary bolmaz, anna güni şemalyň tizligi sekuntda 15 metre ýetmegi mümkin. Şenbe güni howanyň temperaturasynyň +31 derejä çenli aşaklamagyna, ýekşenbe güni bolsa +33 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar.  

Mary welaýatynda hepdäniň dowamyndaky ortaça temperatura, geçen hepdä garanda, iki dereje aşaklar we +36 dereje bolar. Duşenbe we sişenbe günleri howa +40 derejä çenli gyzar, sişenbe güni tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegi mümkin. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +38 derejä çenli aşaklar. 
Anna güni temperaturanyň +37 dereje bolmagyna garaşylýar, şol gün hem şemal ýene güýjäp, tizligi sekuntda 16 metre ýetmegi mümkin. Dynç günleri aňrybaş temperatura +33 dereje bolar diýip garaşylýar.

Lebap welaýatynda hepdäniň ortaça temperaturasy, geçen hepdäniňki bilen deňeşdirilende, bir dereje peselip, +36 bolar. Sişenbeden penşenbä çenli sebitde öwüsjek şemalyň tizligi sekuntda 16-17 metre ýeter, anna güni bolsa onuň tizligi sekuntda 20 metre ýetmegi mümkin. Dynç günleri şemalyň tizligi ortaça sekuntda 17 metre ýeter.
Duşenbeden penşenbe gününe çenli aňrybaş temperatura +40 — +39 dereje töwereginde bolar. Penşenbede temperatura +36 derejä çenli aşaklar, anna güni bolsa +35 derejä çenli peseler. Dynç günleri termometriň sütünjigi +34 derejä düşer.


şu gün 14:35
5815

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş ýagar

6-12-nji fewral aralygyndaky hepdede Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howa hepdäniň ikinji ýarymynda sowap başlar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak...

03.02.2023 12:30
15635

Kerki — Daşoguz aralygyndaky yzygiderli howa gatnawy dikeldildi

1-nji fewraldan başlap, Kerki ― Daşoguz ― Kerki aralygynda yzygiderli howa gatnawlary dikeldildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. Gatnawlaryň täze tertibi «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň içerki...

31.01.2023 17:36
30921

Fewralyň ilkinji günleri Türkmenistanda ýagyşly, ýöne maýyl bolar

Fewral aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda maýyl, emma ýagyşly howa bolar. Ýurdumyzyň sebitlerinde +19 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa...

30.01.2023 15:34
44409

Turkish Airlines Türkmenbaşy-Stambul gatnawlarynyň peteklerini arzanlatdy

Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenbaşy — Stambul — Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy. Atavatan Türkmenistan neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, gidiş-geliş petegini...