Nýu-Ýorkda şäher merkezine girmegi tölegli etmegi meýilleşdirýärler

  • 14.08.2022 09:03
  • 16k+

Nýu-Ýorkuň hökümeti şäher merkezine girmegi tölegli etmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar diýip, Reuters ýazýar. Täze ýygym "dykyn üçin salgyt" diýip atlandyrylýar - hereketiň aşa köp sagatlary şäher merkezine girenlerinde sürüjilere 23$ töletmek (gijeki tarif 5$) göz öňünde tutulýar. 

"Dykyn üçin salgyt" girizilse, ABŞ-nyň iň köp hereketli etraby hasaplanýan Manhettende ulaglaryň sany 15-20% azalar diýip nygtalýar. Şonda jemgyýetçilik ulagyna düşýän agram bary-ýogy 1-2% artar.
Nýu-Ýorkuň hökümetiniň baryp-ha 2019-njy ýylda şäher merkezine girmek üçin töleg girizmek isländigini belläliň, emma Donald Trampyň prezidentlik eden döwründäki federal hökümetler munuň ýaly karary öňlamadylar.

"Dykyn üçin töleg almak daşky gurşawy goramak üçin peýdaly, jemgyýetçilik ulaglary  hem-de Nýu-Ýork we sebit üçin bähbitli" - diýip, Şäheriň ulaglary dolandyryş edarasynyň baş direktory Ýanno Liber aýdýar.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......