Maýk Taýsonyň superkaryny satuwa çykardylar

  • 14.08.2022 09:00
  • 28k+

Gooding&Company-niň söwda auksionyna ilkinji eýesi boksçy Maýk Taýson bolan, 1995-nji ýylda goýberilen Ferrari F50-ni satuwa çykararlar. Geçen menzili onçakly köp bolmadyk superkar örän oňat ýagdaýda saklanan. Ekspertler ony öňünden 5 000 000 dollar töweregi  bahalaýarlar.

Taýson oňa 1996-1999-njy ýyllar aralygynda eýelik edipdir. Soňra, ýazgysyndan görnüşine görä, F50-niň ýene dürli ştatlardan ýedi eýesi bolupdyr. Häzir ulag 10 000 kilometr töweregi menzil geçen ýagdaýynda satlyga çykarylýar, toplumynda sary üçegi we gurallary bar. Ulaga şu ýyl toplumlaýyn  hyzmat edilipdir. Ferrari  reňkleriň şu modele mahsus nusgawy sazlaşygynda ýerine ýetirilipdir: kuzowy zawoddan çykma al reňkli, gara salonynyň kürsüleri gyzyl urnatly. Ýygnalan F50-niň 349 sanysyndan bary-ýogy 55-si ABŞ-yň bazaryna niýetlenipdir. Şol sebäpli satylýan nusganyň bahasyny şol ýagdaý hem ýokary göterýär.
Ferrari F50-ni yzda oturdylan  V12 howa hereketlendirijisi herekete getirýär. Iş göwrümi 4,7 litr bolanda ol 520 a.g.-ni we 471 Hm-i ösdürýär. Tizligini 100-e ýetirmek üçin, mehaniki korobka çalasynlyk bilen dolandyrylan ýagdaýynda, 3,7 sekund gerek bolýar. Tizligiň ahyrky nokady 325 km/sag bellikde togtaýar. Superkarda ABS we destiň güýçlendirijileri ýok.   

şu gün 00:57
54

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
240

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.9k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......