Huawei 2020-nji ýylyň III çärýeginden bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy

  • 13.08.2022 13:48
  • 6.8k+

Hytaýyň Huawei Technologies Co. kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çärýek girdejisini ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň girdejisi 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde 170,6 mlrd ýuan ($25,5 mlrd) boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 1,4% köpdür diýip, CNBC Huawei-niň ýarymýyllyk hasabatynyň maglumatlary boýunça hasaplady. Bu barada interfax.ru belleýär.

Birinji çärýekde kompaniýanyň girdejisi tas 14% azaldy. Görkeziji ABŞ-nyň sanksiýalary netijesinde 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginden bäri yzygiderli peselýärdi. 2021-nji ýylda Huawei-niň ýyllyk girdejisi 28,5% azalyp, kompaniýanyň taryhynda ilkinji gezek otrisatel ösüşi görkezdi. 
Ýanwar – iýun aýlarynda kompaniýa 301,6 mlrd ýuan möçberinde girdeji aldy, bu bolsa geçen ýyla garanyňda 5,9% azdyr. Arassa girdeji tapawudy 5% boldy.
Bulut we B2B hyzmatlary segmentinde girdeji hasabat ýarymýyllygynda 28% ýokarlanyp, 54,7 mlrd ýuana ýetdi. Telekommunikasion infrastruktura segmentinde görkeziji 4% ýokarlanyp, 142,7 mlrd ýuan boldy.
Smartfon satýan bölümçäniň girdejisi 25% azalyp, 101,2 mlrd ýuan boldy.
Ýarymýyllyk netijeler kompaniýanyň çaklamalary bilen gabat geldi diýip, Huawei metbugat relizinde belledi.


20.06.2026 09:49
2.1k+

Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär

Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....