Honda çärýekleýin arassa girdejisini üçden bir azaltdy

  • 13.08.2022 09:49
  • 8k+

Ýaponiýanyň Honda Motor Co. kompaniýasy çykdajylaryň ýokarlanmagy we awtomobil satuwynyň peselmegi netijesinde 2023-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginde arassa girdejisiniň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň 2022-nji ýylyň aprel – iýun aýlarynda arassa girdejisi bir ýyl ozalky 222,5 mlrd ýena garşy 149,22 mlrd ýena ($1,1 mlrd) boldy. Analitikler görkezijiniň 172,76 mlrd ýena çenli azalmagyna garaşypdylar. 
Geçen çärýek girdeji ulaglaryň we motosiklleriň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde ýyllyk aňlatmasynda 6,9% ýokarlanyp, 3,83 trln ýena ýetdi. Geçen çärýek Honda-nyň awtomobil bölümçesiniň operasion girdejisi tas iki esse, bir ýyl ozalky 70,6 mlrd ýenadan 38,26 mlrd ýena çenli azaldy. Motosikller bölümçesiniň operasion girdejisi 21,2%, 97,8 mlrd ýena çenli ýokarlandy.
Aprel – iýun aýlarynda ulaglaryň satuwy bir ýyl ozalky 998 müňden 815 müňe çenli azaldy, motosiklleriň satuwy bolsa 3,88 milliondan 4,25 milliona çenli ýokarlandy.
Honda indiki mart aýynda tamamlanýan häzirki maliýe ýyly üçin girdeji çaklamasyny ýokarlandyrdy we indi görkezijiniň 15% ösüp, 16,75 trln ýena ýetmegine garaşýar. Ýyllyk girdejiniň 710 mlrd ýena, awtomobil satuwynyň 4,2 mln, motosikl satuwynyň 18,6 mln derejesinde bolmagyna garaşylýar.
2022-nji ýylyň başyndan bäri Honda-nyň kapitallaşdyrmasy 6,1% ýokarlandy we häzir, takmynan, 5,85 trln ýena barabar.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......