«Jon Wik 4» franşizanyň iň uzak dowam edýän filmi bolar

  • 13.08.2022 09:49
  • 13k+

«Jon Wik» franşizasynyň režissýory Çad Stahelski golaýda Collider neşiriniň žurnalisti bilen gürrüňdeş boldy. Şonda ol dördünji bölümiň beýleki bölümlere garanda iň  dowamly boljagyny aýtdy.

Filmi goýujynyň sözlerine görä, bölüm hakykatdanam iň dowamlysy bolar, ýöne aşa uzak hem däl. Üstesine, häzir filmiň soňky wersiýasynyň ahyrky işleri dowam edýär.  Ol beýleki üç filme garanda dowamlyrak, ýöne aşa uzak hem däl. Biz häzir işlerimiziň soňky tapgyryny ýerine ýetirýäs, Soňra VFX ederis we sazyny işläris. Ýogsa-da, häzir özümizde bar saz göwnümize ýaraýar. Dogrusy, film taýýar diýseňem boljak, bize ýene iki hepdejik wagt gerek.  

Filmiň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň 24-nji martynda bolar diýip garaşylýar. Filmde Kianu Riwz, Lorens Fişbýorn, Lens Reddik, Hiroýuki Sanada, Donni Ýen, Rina Sawaýama we başgalar oýnadylar. 

şu gün 00:57
346

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
356

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
611

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.9k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......