«VKontakte» uly göwrümli täzelenmesini mälim etdi

  • 10.08.2022 08:37
  • 8k+

Russiýanyň «VKontakte» sosial ulgamy 9-njy awgustda platformanyň birnäçe esasy önümlerine täsirini ýetirjek programmanyň global täzelenmesini yglan etdi. Bu barada iz.ru habar berýär.

Sosial ulgamyň täzelenmegi birnäçe tapgyrda amala aşyrylar we birnäçe aýyň içinde ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar.
Täzelenmäniň birinji tapgyrynda metbugat hyzmatynyň sosial ulgamda eýýäm ulanyjylara görkezen täze dizaýndaky lentasy bolar.

“Lentada janly media formatlaryna, ulanyjylaryň çalt maglumat almagyna, täze dizaýna, estetiki tanyşdyryşa we mazmunlara çuňňur gatnaşmaga, ilkinji nobatda bolsa, ulanyjy tarapyndan iň köp talap edilýän dostlaryň mahabatlaryna aýratyn üns berilmäge mümkinçilik döredilýär "-diýip, habar berildi.
Şeýlelik bilen, mahabatyň gymmatyna baha bermek üçin, indi ýazgynyň islendik bölegine iki gezek basmak ýeterlikdir.
Mundan başga-da, ulanyjylaryň adyndan ýazylan ýazgylarda awtoryň suraty görkeziler.
Indiki etaplaryň jikme-jiklikleriniň soňrak aýan ediljekdigi bellendi.
23-nji maýda «Vkontakte-iň» adamlary gözlemek üçin “Meni tap” («Найди меня»)  hyzmatyny açandygy mälim boldy. “Meni tap” («Найди меня») kiçi programmasy  tanyşlary, dostlary we uzak garyndaşlary tapmaga kömek eder.
düýn 23:59
9

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......