Gustawo resmi ýagdaýda Kolumbiýanyň prezidentiniň wezipesine girişdi

  • 09.08.2022 15:07
  • 8.6k+

«Taryhy pakt» çepçi partiýalaryň bileleşiginden hödürlenen, Kolumbiýanyň prezidentligine saýlanan Gustawo Petro ýekşenbe güni resmi ýagdaýda döwlet baştutanynyň wezipesine girişdi. Ol Kolumbiýanyň çepçi güýçlerine wekilçilik edýän ilkinji prezidentdir. Wezipä  girişmek dabarasyny Canal Institucional teleýaýlymy ýaýlyma goýberdi.

Şonuň ýaly-da, täze wise-prezident Fransiýa Markes hem kasam kabul etdi. Inaugurasiýa mynasybetli dabaraly çärelere Ispaniýanyň koroly Filipp VI, Argentinanyň prezidenti Alberto Fernandes, Boliwiýanyň prezidenti Luis Arse, Paragwaýyň prezidenti Mario Abdo Benites, Çiliniň prezidenti Gabriel Boriç we Ekwadoryň prezidenti Gilýermo Lasso dagy hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.
2022-nji ýylyň saýlawlarynda Petro üçin saýlawçylaryň 50,4% ses berdi. Onuň «Korrupsiýa  garşy hökümetleriň ligasynyň» syýasy hereketine wekilçilik edýän esasy bäsdeşi Rodolfo Ernandes 47,3% ses aldy.


29.04.2025 14:23
4.3k+

Türkmenistanda Kolumbiýanyň täze bellenen ilçisi işe girişdi

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi...

10.03.2024 23:21
13k+

Güller nireden gelýär? Niderlandlar, Kolumbiýa we Ekwador gül eksportynda dünýäde öňdebaryjy boldy

Geçen ýyl Niderlandlar, Kolumbiýa we Ekwador dünýäde iň köp gül eksport eden ýurtlar boldular, olaryň bütin dünýäde ýerlän harytlarynyň umumy bahasy 6,6 milliard dollar boldy. Geçen ýyl gül söwdasynda iň esasy...

30.05.2022 08:58
6.5k+

Kolumbiýada Prezident saýlawlary geçirildi

Gustawo Petro we Rodolfo Ernandes ýekşenbe güni, 29-njy maýda Kolumbiýada geçirilen Prezidenti saýlawlarynda ses berişligiň netijesinde ikinji tapgyra çykdylar. Raýat ýagdaýlarynyň namalarynyň milli reýestriniň...

24.08.2021 09:47
3.4k+

Türkmenistan bilen Kolumbiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara 25 ýyl dolýar

Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwan Duke Markese we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň...