ABŞ-nyň gymmatly kagyzlarynyň we dollaryň gymmatlamagy bilen altyn arzanlaýar

  • 06.08.2022 12:54
  • 16k+

Dollaryň bahasynyň gymmatlamagyna we Amerikanyň gymmatly kagyzlarynyň girdejisiniň artmagyna getiren ABŞ-yň zähmet bazary baradaky maglumatlar çap bolanynyň yzysüre, altyn, bir aýlyk gymmatlaýyşdan soň, arzanlamaga başlady.

Nýu-Ýorkuň söwda biržasynda (NYMEX) dekabryň şertnamalarynyň kotirowkasy aşgabat wagty bilen 19:00-da 0,9% - unsiýasy 1790,40 dollara çenli peseldi.
Sentýabrda üpjün edilmeli kümşüň bahasy 1,9%, unsiýasy 19,74 dollara çenli aşak düşdi.
5-nji awgustda mälim bolşuna görä, iýulda ABŞ-yň ykdysadyýetinde iş ýerleriniň sany 528 müňe çenli artdy, bu seljerijileriň garaşanyndan iki esse artykdyr. Mundan hem başga, geçen aýda ABŞ-da işsizlik, öňki aý 3,6% bolanlygyndan 3,5%-e çenli peseldi. Seljerijiler bu görkeziji üýtgemez diýip garaşýardylar
Maglumat çap bolandan soň, US Treasuries-iň girdejisi 14 bazis punkt, 2,84%  ýokarlandy. Dollaryň dünýäniň esasy alty walýutasyna degişlilikde ösüşini görkezýän, göz öňünde tutulýan ICE indeks 0,9%-e çykdy.  


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......