McLaren awtomobil markasy krossowka satyp başlar

  • 06.08.2022 09:37
  • 6.9k+

Britaniýanyň lýuks awtomobil öndürijisi McLaren ilkinji gezek krossowka çykaryp başlaýandygyny habar berdi. Şeýlelikde, kompaniýa moda we köçe eşikleri ugrundaky hyzmatdaşlyk arkaly has köp alyjyny özüne çekmegi maksat edinýär. Bu barada BoF ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär. 

Awtoöndüriji Athletic Propulsion Labs aýakgap kompaniýasy bilen bilelikde krossowkalary öndürdi. HySpeed ady bilen çäkli hatar bäş reňkdäki modelleri öz içine alýar. Bu krossowkalaryň dizaýnynda uglerod süýüminden oturgyçlar we plastina ýaly McLaren superkarlarynyň elementleri ulanyldy. 
Taslamanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, krossowkalaryň dizaýnyny taýýarlamak we önümçiligi ýola goýmak işleri iki ýyla golaý wagt aldy. Aýakgabyň bahasy jübüt üçin 450 dollar bolar.
Öň, britan awtoöndürijisi egin-eşik kolleksiýasyny döretmek üçin Belstaff we Rhude moda brendleri bilen hyzmatdaşlyk edipdi, SunGod markasy bilen bilelikde bolsa äýnek öndürdi.

“Bilelikdäki ygtyýarnama gatnaşyklary – bu biziň ýykgyn edýän zadymyz, goý, ol Günden goraýjy äýnek, krossowka ýa-da köçe eşigi bolsun, tapawudy ýok” – diýip, McLaren-iň baş marketing müdiri Garet Dansmor aýtdy. Onuň bellemegine görä, olar “medeni taýdan aktual bolmaga çalyşýarlar”.

şu gün 00:57
346

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
356

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
611

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.9k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......