Alymlar Ýerde iň gysga güni bellige aldylar

  • 05.08.2022 12:56
  • 34k+

Ýer şarynda gözegçilikleriň dowamynda iň gysga gün bellige alyndy. Bu barada Daily Mail habar berýär.  

Wagtal-wagtal Ýer togalagymyzyň aýlanyş tizligi üýtgäp durýar. Bu üýtgemeleri adaty adamlar duýmanam biler, emma ol hemra nawigasiýa ulgamy üçin wajyp rol oýnaýar. Rekord 29-njy iýunda goýuldy. Şol gün gije-gündiz adatdakysyndan 1,59 millisekund gysga boldy. Öňki rekord 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda bellige alnypdy şonda gije-gündiz 1,47 millisekund gysga bolupdy.
Ekspertler muňa "Çendler yrgyldylary" - Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanandaky üýtgemeler sebäp bolýan bolmagy mümkin diýýärler.  Şol yrgyldylary sazlamak üçin wagtal-wagtal ýokary takyklykdaky atom sagatlaryny düzedip durmaly bolýar. Mysal üçin, 2016-njy ýylyň ahyrynda hronometrik wagt astronomik wagta takyk gabat geler ýaly, sagady bir sekunt yza süýşürdiler


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....