Merdan we Şöhrat Toýlyýewlere «Nissan Pathfinder» sport awtoulagy sowgat berildi

  • 03.08.2022 12:29
  • 51k+

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirine salgylanyp, ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda iri sport ýaryşlarynda — Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça guralan «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Sylaglanyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynda guralan «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary bilen birlikde, döwlet Baştutanynyň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagynyň açarynyň gowşurylmagy Türkmenistanda awtomobil sportuny ösdürilmäge aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasy boldy. 

Ýeri gelende bellesek, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan — Moskwa şäherleriniň aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» atly halkara rallide türkmen türgenleri ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň (T2) arasyndaky ýaryşda örän şowly çykyş edip, ýokary netijeleri görkezdiler. Hususan-da, ussat sürüjiler Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýew hormat münberiniň birinji, Şamyrat Gurbanow bilen Muhammetmyrat Gurbanow ikinji, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow bolsa üçünji basgançagyna çykmagy başardylar. 


düýn 15:19
1.9k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

21.05.2026 19:23
3.2k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....

21.05.2026 11:27
3.2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......