Volkswagen bazara çykaran 43 müňden gowrak awtomobilini yzyna ýygnaýar

  • 02.08.2022 13:25
  • 22k+

Volkswagen yzky kameralarynda bar bolan näsazlyk sebäpli dürli modeldäki 43 müňden gowrak awtoulaglaryny yzyna ýygnaýandygyny mälim etdi. Häzirlikçe bu çäre diňe ABŞ-nyň bazaryna degişli, ýöne soňlugy bilen onuň beýleki satuw bazarlaryny hem öz içine almagy mümkin. Tehniki hyzmat merkezlerine 2021-2022-nji ýyllarda çykan Golf GTI, Jetta we Arteon sedanlary, Tiguan, Taos, Atlas we Atlas Cross Sport krossowerleri gelmeli.

Agzalan ýagdaýda mesele yzy alýan kameranyň özi bilen däl-de, onuň programma üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr. Näsazlyk sebäpli şekil merkezi displeýe geçmän hem bilýär eken. Şonuň üçin hem  Volkswagen-iň dilerleri ulaga täze proşiwka oturdýarlar.
Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli administrasiýasynda (NHTSA) sürüji ulagy yza basanda  ýeňsesinde näme baryny görmeýänligi sebäpli her ýyl ABŞ-da 210 adamyň heläk bolýandygyny we 15 müň adamyň bolsa şikes alýandygyny aýdyp janygýarlar. Hut şonuň üçinem NHTSA ähli täze awtoulaglarda, sürüjä yzda ulag, adam we päsgelçilik peýda bolanda duýdurar ýaly, yzy görkezýän kameralaryň we parktronikleriň bolmagyny talap edýär.


düýn 16:05
2.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......