Eýranda suw joşmasynyň pidalarynyň sany 61 adama ýetdi

  • 31.07.2022 17:59
  • 36k+

Eýranda suw joşmalary netijesinde soňky hepdäniň dowamynda azyndan 61 adam aradan çykdy. Bu barada şenbe güni Eýranyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň ýolbaşçysy Mehdi Walipur habar berdi.

"Ýurtda mordad aýynyň başyndan bäri (eýran senenamasy boýunça 23-nji iýulda başlandy) bolup geçen suw joşmasy netijesinde aradan çykanlaryň sany 61-e ýetdi" diýip onuň sözlerini ISNA agentligi getirýär. Şeýle hem ol häzirki wagtda 32 adamyň dereksiz ýiten hasaplanýandygyny habar berdi.

Eýranyň 31 welaýatynyň 18-sini tebigy betbagtçylyk gurşap aldy. Bahtiariýa, Isfahan, Ýezd, Lurestan, Mazanderan, Tähran we Çeharmehal tebigy betbagtçylykdan has ejir çekdi. 


düýn 07:41
7.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.9k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....