«Porsche» «Red Bull-dan» 50% paý alyp, «Formula-1-e» goşulýar

  • 31.07.2022 15:39
  • 4k+

«Porsche» kompaniýasy «Red Bull-yň» formula toparyndan ýarym paýyny alar. Kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy bolsa on ýyla çenli uzaldylar. Muňa Carbuzz portalynyň salgylanýan resminamalary şaýatlyk edýär.

Kartel gepleşiklerine garşy göreşmegiň düzgünleri hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda resminama bermekligi diňe bir Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan talap etmek bilen çäklenmeýär. Neşiriň garamagyna Marokkodan bukja gelip gowuşdy. Taraplar hyzmatdaşdyklary barada resmi taýdan 4-nji awgustda yglan ederler.
Kagyzlarda azyndan on ýyl hyzmatdaşlyga gol çekilen. «Porsche» «Red Bull-dan» 50% paýyny alar. «Red Bull-yň» Formula-1-de işlemek boýunça aýratyn bölümçesi dörediler. Şonuň ýaly-da, «Porsche» brendiniň ady bolidlerde peýda bolar.
«Porsche» bilen birlikde Formula-1-e Audi hem çykar. Ulaglaryň iki kysymynyň hem bir konserne degişlidigine garamazdan, ýaryşda olar bäsdeş bolarlar.


düýn 23:29
818

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

düýn 11:37
2.1k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
6.7k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......