Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan edildi

  • 31.07.2022 00:11
  • 35k+

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýewe berk käýinç yglan edildi. Bu barada 30-njy iýulda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutany resminama gol çekip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.


şu gün 13:24
659

Bangkokda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň täze tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Bangkok şäherinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy...

şu gün 11:26
596

Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi...

şu gün 11:25
561

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Döwlet güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär...

şu gün 10:26
552

Türkmenistanda birža söwdalary geçen hepde 7,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar...