Täze Ford Mustang meýilleşdirileninden ýarym ýyl öň tanyşdyrylar

  • 30.07.2022 14:44
  • 9.8k+

Ford meşhur Mustang sportkarynyň täze nesli bilen sentýabr aýynda Detroýt halkara awtosalonynyň çäklerinde  tanyşdyrar. Bu barada kompaniýanyň meýilnamalary bilen tanyş insaýderleriň maglumatlaryna salgylanýan Automotive News ýazýar.

Owal habar berlişine görä, täze ulagyň ilkinji görkezilişi 2023-nji ýylyň aprelinde geçmelidi. Kompaniýada bu maglumaty resmi taýdan tassyklamakdan ýa-da ret etmekden boýun gaçyrdylar.
Forduň kommunikasiýalar boýunça direktory Maýk Lewin ýedinji nesliň Mustang-y "eýýäm ýola düşdi" we kompaniýa tiz wagtdan ol barada ähli jikme-jiklikleri paýlaşar diýip belledi.

Ýaşyryn düşürilen suratlardan çen tutsaň, Täze Ford Mustang umuman häzirki nesliň daşky görnüşiniň stilini saklar, ýöne içi welin uly ekranly media ulgamy bilen düýbünden täze görnüşe eýe bolar. Motor gammasy hem döwrebaplaşdyrylar: Mustang ýöriteläp şol bir 2,3 litrlik "turbodörtlügi" we 5,0 litre V8 alar, ýöne olar gibrid gurluşlar üçin baza bolarlar. Ford Mustang-yň täze nesliniň önümçiligine 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda girişiler, Detroýtdaky awtosalon 14-nji sentýabrda açylar.  


düýn 15:49
2.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk bardygy sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
2.6k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....

27.04.2026 19:03
3.5k+

Ford Mustang-y dört gapyly sedana öwürmek isleýärler

Ford meşhur Mustang-yň dört gapyly wersiýasyny işläp düzýär. Ol 2028-nji ýyla çenli, ähtimal, Mach 4 ady bilen satuwa çykarylyp bilner....