Awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler barada habar berildi

  • 31.07.2022 15:44
  • 18k+

Däp bolşy ýaly, awgust aýynda hem şanly seneler hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dürli görnüşli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Olaryň meýilnamasy barada Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, ýylyň şygary bilen baglylykda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. 27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyşy medeni çärelere beslener.
Döwlet Baştutany awgust aýynda geçiriljek dabaralaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtap, wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 10:10
2.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......