ABŞ-da üçünji syýasy partiýany dörederler

  • 29.07.2022 15:00
  • 7k+

ABŞ-nyň Respublikanlar we Demokratlar partiýalarynyň ozalky agzalary ýurtda üçünji syýasy partiýanyň döredilýändigini mälim etdiler. Bu barada Trend habar berýär, Reuters habar berýär.

Partiýany millionlarça nägile saýlawçylara ýüzlenmek üçin dörederler.
Agentligiň bellemegine görä, partiýa üç syýasy güýjüň: «Serve America Movement» guramasynyň, «Renew America Movement» hereketiniň we demokratlaryň tarapyndan Amerikanyň prezidentligine öňki dalaşgär Endrýu Ýang tarapyndan esaslandyrylan «Forward Party» partiýasynyň goşulyşmagyndan döredildi.

"Sişenbe güni (27-nji iýul) Respublikanlar we Demokratlar partiýalarynyň düzümine girýän onlarça öňki wezipeli adamlar, olaryň pikiriçe,  Amerikanyň herekete ukypsyz iki partiýaly ulgamyndan nägile millionlarça saýlawçylara ýüzlenmek üçin üçünji bir täze milli syýasy partiýanyň döredilýändigini mälim etdiler" - diýip, Reuters habar berýär. 

Nýu-Jersi ştatynyň öňki gubernatory, Respublikanlaryň partiýasyndan bolan Kristin Uitman bilen Demokratlaryň partiýasyndan, prezidentlige öňki dalaşgär Endrýu Ýang ikisi "Forward (Öňe)" atlandyrylan partiýanyň ilkibada bilelikde başlyklary bolarlar. 
Güýz baştutanlar saýlawçylar toparynyň goldawyndan peýdalanmak üçin 20 şäherde çäreleriň birtoparyny geçirerler. Resmi taýdan açylyşy 24-nji sentýabrda Hýustonda, partiýanyň ilkinji gurultaýy bolsa indiki ýyl geçer.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......