«Barselona» Kundeniň transferi boýunça ylalaşyk gazandy

  • 29.07.2022 08:55
  • 9.1k+

«Barselonanyň» metbugat gullugy goragçy Žýul Kundeni toparyna almak hakynda «Sewilýa» bilen ylalaşyk gazanandygyny habar berdi. Häzirki wagtda gürrüň diňe ylalaşyk hakynda barýar, şertnama heniz gol çekilenok.

«Kundeniň transferi boýunça prinsipial ylalaşyk gazanyldy», — diýip, «Barselonanyň» metbugat gullugy habar berýär.

23 ýaşly Kunde «Bordonyň» ýetişdiren oýunçysy. Fransuz klubunyň düzüminde goragçy 70 duşuşykda dört gol geçirdi we bir sany netijeli ýardam pasyny berdi. 2019-njy ýylda Žýul «Sewilýa» geçdi we şol wagtdan bäri 133 oýunda 9 gezek gol geçirip, üç gezek netijeli pas berdi. Taraplaryň arasyndaky ylalaşyk iki ýyldan tamamlanýar.
2021-nji ýylyň iýun aýynda Kunde ilkinji gezek Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş etdi. Goragçy ýygyndyny düzüminde 11 oýna gatnaşdy, 1 sany sary we 1 sany gyzyl duýduryş aldy.


şu gün 09:55
1.9k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

düýn 23:01
5.4k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.4k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.4k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......