Ýewropada gazyň müň kub metriniň bahasy 2200 dollardan geçdi

  • 27.07.2022 22:49
  • 4.8k+

«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine  2200 dollardan geçdi.

ICE Futures biržasynda TTF-niň iň golaý fýuçersiniň (awgust) bahasy sişenbe güni agşam 2244 dollara çenli göterildi.
Bir gün öň söwdalaşyklar 1852 dollar derejede ýapyldy, aýyň başyndan bäri bolsa kotirowkalar ortaça 1720 dolar bolupdy.
Işläp taýýarlamalaryň aralyk abatlaýyş möhleti tamamlanandan tä düýpli abatlaýşa  çenli konsern "Portowaýa" gaz gysyjy bekedinde ýene bir Siemens gaz turbina hereketlendirijisiniň işini togtadar diýip, 25-nji iýulda "Gazprom" habar berdi.
Netijede "Portowaýa" gaz gysyjy bekediniň gije-gündizdäki öndürijiligi 27-nji iýulda aşgabat wagty bilen 09:00-da,  häzir gije-gündiziň dowamyndaky  67 mln kub. metr bilen deňeşdirilende, gije-gündiziň dowamynda 33 mln kub metre (önümçiligiň 40%-i) çenli azalar.
Rystad Energy barlag kompaniýasynyň seljerijileriniň bellemegine görä, "Demirgazyk akymy" boýunça gaz şu derejede goýberilse, Ýewropa bileleşigine 1-nji noýabra çenli gazyň ýerasty saklanýan ýerinde gazyň 80% maksatly ätiýaçlyk derejesini gazanmak başartmaz. Mundan hem başga, golaýlap gelýän tupanlar möwsümi ABŞ-dan Ýewropa suwuklandyrylan gazy eltmegi kynlaşdyrar.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....