Draupadi Murmu kasam kabul edip, Hindistanyň 15-nji prezidenti boldy

  • 25.07.2022 18:46
  • 22k+

Draupadi Murmu duşenbe güni kasam kabul edip, resmi taýdan Hindistanyň 15-nji prezidenti boldy. Dabara Nýu-Delide ýurduň parlamentiniň merkezi zalynda geçirildi diýip, TASS habar berýär.

“Maňa garaşsyzlygyň 75 ýyllygynda bu wezipäni eýelemek bagty miýesser etdi. Bize erkinlik üçin söweşijilerimiziň garaşsyz Hindistanyň raýatlaryna beren umytlaryny ödemek üçin tagallalarymyzy işjeňleşdirmek gerek” – diýip, Murmu kasam kabul edilenden soň prezident hökmünde ilkinji sözlän sözünde aýtdy. 

Murmu – Jarkhand ştatynyň öňki gubernatory. Ol gündogar Odişa ştatynyň santallar taýpasyndan (munda halkynyň iň uly taýpasy) çykan. Murmu Hindistanyň ikinji aýal prezidenti boldy (birinji Pratibha Patol bolupdy, 2007 – 2012). Şeýle-de, ol “erkin ýurtda”, ýagny 1947-nji ýylda döwlet tarapyndan britaniýalylardan garaşsyzlyk alnandan soň doglan Hindistanyň birinji prezidenti boldy.  

“Biziň demokratiýamyzyň güýji uzak taýpa sebitinde doglan garyp maşgalanyň gyzynyň Hindistanyň iň ýokary konstitusion wezipesine ýetip bilmegindedir. Meniň üçin asyrlarboýy ösüş artykmaçlyklaryndan mahrum bolanlaryň, garyplaryň, ezilenleriň, taýpadan bolan adamlaryň mende öz keşbini görmegi uly bagt” – diýip, Murmu öz sözünde belledi.


20.02.2026 17:42
4.4k+

Türkmenistanyň Hindistandaky ilçisi ýurduň ýerli atlar jemgyýetiniň wekili bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldynazarow bilen Hindistanyň ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi...

15.02.2026 23:07
5.2k+

Hindistanda ýurt daşyndan alnan prosessorlary bejermekden ýüz öwrendigi üçin Intel-e 30 mln dollar jerime saldylar

Hindistanyň Bäsdeşlik baradaky komissiýasy (CCI) Intel korporasiýasyny bazardaky agdyklyk edýän ornundan bikanun peýdalanmakda aýyplady we kompaniýa takmynan 30 million dollar möçberinde jerime saldy. Komissiýanyň hasabatyna görä, Intel-iň Hindistandaky şahamçasy 2016-njy ýylyň aprelinden 2024-nji ýylyň apreline çenli "kemsidiji kepillik syýasatyny" ýöredipdir...

28.01.2026 10:06
8.6k+

Ýer ýüzüniň 8,2 milliard adamlary planeta boýunça nähili paýlanýar: Infografika

Dünýä ilatynyň sany 8,2 milliard adama ýetdi. 1804-nji ýylda planetanyň ilaty ilkinji gezek bir milliarddan geçensoň, geçen asyrlaryň dowamynda bu görkeziji sekiz esse artdy. 2022-nji ýyldan bäri, dogluşyň umumy peselmegine garamazdan, dünýä ilaty 200 milliondan gowrak adam artdy...

27.01.2026 16:31
8.6k+

«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy

Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy...