Türkmen biržasy: bir hepdede 41,5 millionlyk 73 geleşik baglaşyldy

  • 25.07.2022 12:38
  • 5.5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen granulirlenen tehniki kükürdi satyn aldylar. Bu önüm Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň hem esasyny düzdi.
Şeýle-de daşary ýurt pulunda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine bahasy 2 million 363 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 80 million 270 müň manatdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny hem-de pagta süýümini satyn aldylar


düýn 22:17
909

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......