Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.07 — 31.07)

  • 25.07.2022 09:13
  • 31268
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.07 — 31.07)

Şu hepde Türkmenistanyň köp sebitlerinde adatdan daşary yssy ýatyşar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär. Käbir ýerlerde gündizine termometriň sütünjigi +31 derejä çenli aşaklar we ýagyş ýagmagy mümkin. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň aňrybaş temperaturasy +38 dereje töwereginde bolar. Çarşenbede we penşenbede howanyň +42 derejä çenli gyzmagy mümkin. Anna we şenbe günleri aňrybaş temperaturanyň birden +36 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar, şeýle-de, şenbe güni 2,1 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin. Ýekşenbe güni howa +34 derejä çenli salkynlar.

Balkan welaýatynda duşenbe güni aňrybaş temperatura +31 dereje töwereginde bolup, 2,4 mm ygalyň düşmegine garaşylýar. Sişenbe güni howa +35 derejä çenli, çarşenbe güni bolsa +41 derejä çenli gyzar. Penşenbede temperaturanyň +38 dereje bolmagyna  garaşylýar, güýçli şemal öwsüp, az-kem ýagyn ýagmagy mümkin. Anna güni howanyň yssylygy +37 dereje bolar, çabga gelip, 2,4 mm ygalyň düşmegi mümkin. Dynç günleri termometriň sütünjigi +36 derejäni görkezer.

Daşoguz welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri temperatura +36 derejede saklanar. Çarşenbede howanyň +38 derejä çenli gyzmagy mümkin we anna gününe çenli, tä 1,7 mm töweregi ygal düşýänçä şol derejede saklanar. Dynç günleri aňrybaş temperatura +34 derejä çenli aşaklar.

Mary welaýatynda duşenbe  güni howa +46 derejä çenli gyzar. Sişenbeden anna çenli temperatura  +42 dereje töwereginde bolar. Şenbe güni az-kem ýagyn ýagyp, aňrybaş temperatura +38 derejä çenli aşaklar. Ýekşenbe güni howa +36 dereje bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. 

Lebap welaýatynda duşenbe güni +45 derejä çenli güýçli yssynyň bolmagyna garaşylýar. Sişenbeden penşenbä çenli temperatura +42 dereje bolar we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Anna güni aňrybaş temperatura +40 dereje töwereginde bolar. Temperatura şenbede +38, ýekşenbede bolsa +36 dereje bolmagyna we şemalyň tizligi sekuntda 15 metre çenli güýçlenmegine garaşylýar.


05.12.2022 09:55
33363

Türkmenistanda şu hepde gurak hem sowuk howa bolar

Dürli meteo saýtlar Türkmenistanda şu hepde garaşylýan howa barada dürli çaklamalary berýärler. Howanyň ýagdaýyna Russiýanyň ýewropa böleginiň merkezindäki aýazly antiseklon täsirini ýetirmegini dowam eder. «Meteožurnalyň»...

30.11.2022 01:06
48984

Türkmenistana sowuk hem ýagynly howa aralaşýar

Türkmenistanda eýýäm şu hepdäniň ortalaryndan howanyň üýtgäp, sowuk hem ýagynly howa akymynyň aralaşmagyna garaşylýar. Sişenbe güni demirgazykda sebitlerde gije termometriň sütünjigi -2 — -7 gradusa düşüp biler...

14.11.2022 20:46
41344

Türkmenistanda içerki gatnawlaryň täzelenen tertibi neşir edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi saýtynda içerki howa gatnawlarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan hereket edýän ugurlaryny we rejesini neşir etdi. Awiakompaniýa uçuşlaryň rejesiniň üýtgäp bilýändigini belläp...

07.11.2022 12:57
23233

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.11 — 13.11)

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň (7-13-nji noýabr) dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny...