Lexus-yň BMW M3-e bäsdeşi öňküsindenem kuwwatlandy

  • 24.07.2022 23:56
  • 19k+

Lexus kompaniýasy ýapon bazaryna F Sport Performance-iň täze modifikasiýasy bolan sedan IS 500-i çykarandygyny yglan etdi. Şeýle wersiýa bilen ABŞ-nyň bazary eýýäm tanyşdyrylypdy, ýöne ýerli ulanyjylar üçin Lexus çişirilmeýän V8-i 5,0 litre çenli kuwwatlandyrdy. Kompaniýa onuň dinamiki häsiýetnamasyny bermekden entek saklanýar: sportsedana sargytlar 25-nji awgustda kabul edilip başlanýar we has anyk maglumatlar gijräk mälim ediler.  

ABŞ-da Lexus IS 500 F Sport Performance-iň hereketlendirijisi 479 at güýjüne eýe, Ýaponiýada bolsa sedan 481-güýçli modifikasiýa bilen satylar. Aýlanýan pursadyň görkezijisi iki ýagdaýda-da birmeňzeş - 536 Hm. Şeýlelikde, sportsedan takmynan 4,5 sekundyň içinde 100 km/s-a çenli tizligini artdyrmaly. Bu BMW M3-iň  480-güýçli wersiýasynyň tizligini artdyryşynyň wagty bilen deňeşdirilende 0,3 sekunt köpdür.
F Sport Performance wersiýasy kuwwatly hereketlendirijisinden başga-da, ýaňadan otkalibrlenen stabilizasiýa ulgamlary, döwrebaplaşdyrylan adaptiw podweskasy we öňi 356-millimetrlik we yzky okunda 323-millimetrlik diskli uly tormozlary bilen tapawutlanýar.

Lexus IS-iň täze wersiýasynyň esasan daşky tapawutly taraplary: güberçek kapotly, bamperleri üsti ýetirilip işlenen, 19 dýumlyk üýtgeşik teker diskli we dört sany gaz çykarýan sowma turbaly.
Bezegi üýtgänsoň dört gapyly ulagyň uzynlygy 50 millimetr artdy. Salondaky sport oturgyçlarynda ýelejirediji we üýtgeşik bezeg bolar, destiniň daşyna bolsa hakyky deri çekilendir.   
Şeýle Lexus IS-iň ilkinji 500 nusgasy aýratyn kaşaň First Edition ýerine ýetirilişde satylar, ýöne olary satyn almak üçin lotereýa oýnalar. Oňa gatnaşmak üçin arzalary kompaniýa 25-nji awgustdan 15-nji sentýabr aralygynda kabul etmegi meýilleşdirýär. Täze ulagyň açyk satuwy gyşda başlanar.


12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

29.05.2026 16:35
6.7k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......