Nýu-Ýorkda dinozawr we Aýyň bölegi satuwa çykarylar

  • 25.07.2022 12:39
  • 16k+

28-nji iýulda Nýu-Ýorkda geçiriljek Sotheby’s auksionynda alyjylara meteoritleri, Aýyň bölegini we hatda dinozawryň tutuş skeletini satyn almak teklip ediler. Bu barada “Daily Mail” ýazýar diýip, lenta.ru habar berýär.

Auksionda has seýrek we gyzykly lot diýip bahasy 5 – 8 mln dollar bilen bahalandyrylan gorgozawryň galyndylaryny hasaplamak bolar. Çäräni guraýjylar munuň Sotheby’s-yň taryhynda bu görnüşiň wekiliniň tutuş skeletiniň satylýan ilkinji ýagdaýydygyny belläp, islegiň ýokary bolmagyna bil baglaýarlar. Dinozawryň ölçegi beýikligine 3 metr we uzynlygyna 7 metr. 
Auksionyň ylmy temadaky bir bölegi tebigat ylymlaryna bagyşlanar we gorgozawryň skeletinden başga-da, gatnaşyjylar triseratopsyň we ýolbarsyň ýitip giden görnüşiniň kelle süňklerini, şeýle-de gadymy haýwanlaryň dyrnaklaryny, dişlerini we gyýaklaryny satyn alyp bilerler.
Mundan başga-da, alyjylar üçin amerikaly astronawt Bazz Oldriniň zatlaryny taýýarladylar, onuň uçuş kostýumy 1-2 mln dollara satuwa çykarylar.


düýn 23:16
967

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
5.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....