Aziýanyň Ösüş banky şu ýyl Aziýanyň ykdysady ösüşi baradaky çaklamasyny peseltdi

  • 24.07.2022 11:29
  • 6.2k+

Aziýanyň Ösüş banky şu ýyl Aziýanyň ösüp barýan ýurtlarynda ösüş çaklamasyny 4,6%-e çenli peseltdi, aprel aýynda bank ösüşiň 5,2% derejesinde bolmagyny çaklapdy. Bu barada bankyň metbugat relizinde habar berilýär diýip, centralasia.media belleýär.

Onuň bellemegine görä, esasy şert täze COVID-19 lokdaunlary bilen baglanyşykly bökdençlikler sebäpli HHR-de ösüşiň haýallamagy, şeýle-de global islegiň gowşaklygy boldy.
Şu ýyl HHR-iň ykdysadyýetiniň ösüşi öňki 5% derejesindäki çaklama bilen deňeşdirilende 4% bolar. AÖB Hindistanyň hem ykdysady ösüş çaklamasyny ýokary inflýasiýa we pul-karz syýasatynyň berkemegi sebäpli 7,5%-den 7,2%-e çenli peseltdi.
Şu ýyl Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ösüp barýan ýurtlarynda inflýasiýa öňki 3,7% derejesindäki çaklama bilen deňeşdirilende 4,2%-e çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, sebitde inflýasiýa basyşy dünýäniň beýleki ýerlerine garanyňda henizem pes.
2023-nji ýyl üçin AÖB sebitdäki ykdysady ösüş çaklamasyny 5,3%-den 5,2%-e çenli peseltdi, inflýasiýa çaklamasyny 3,1%-den 3,5%-e çenli ýokarlandyrdy.
Käbir kiçi sebitler üçin ösüş çaklamasy ýokarlandyryldy. Günorta-Gündogar Aziýa üçin çaklama koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeleriň gowşadylmagy bilen içerki islegiň ýokarlanmagy netijesinde öňki çak edilen 4,9%-den şu ýyl 5%-e çenli ýokarlandy. Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çaklama 3,6%-den 3,8%-e çenli ýokarlandyryldy. Ýuwaş umman sebitiniň ösüş çaklamasy Fijä syýahatçylygyň dikeldilmegi netijesinde 3,9%-den 4,7%-e çenli ýokarlandy.
AÖB 1966-njy ýylda döredildi. Onuň paýdarlary 68 döwlet bolup, olardan 49-sy sebitde ýerleşýär.


28.02.2026 10:13
8.8k+

Türkiýe 7 milliard dollara yklymlarara demir ýol gurar

Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler...

29.11.2025 21:42
2.6k+

CESI kompaniýay Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň birinji tapgyryna başlaýar

Hazarüsti ýaşyl energetika geçelgesi (Merkezi Aziýa – Azerbaýjan) atly strategik taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp tapgyry başlandy. Halkara bäsleşigiň netijesinde Italiýanyň CESI S.p.A. kompaniýasy taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň (TYE) birinji tapgyryny ýerine ýetirer...

12.11.2025 12:51
5.3k+

Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy...

03.10.2025 10:25
3.5k+

Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar...