«Barselona» Robert Lewandowskini tanyşdyrdy

  • 21.07.2022 17:06
  • 19k+

«Barselona» klubuna täzelikde goşulan Robert Lewandowski katalon toparynyň futbolçysy hökmünde resmi taýdan tanyşdyryldy. Bu barada katalonlylaryň sosial sahypasynda habar berilýär. 

Tanyşdyrylyş dabarasy «Barselonanyň» täze möwsüme taýýarlyk görýän ýeri bolan Maýamide (ABŞ) geçdi.
19-njy iýulda katalon klubunyň Lewandowskiniň transferini mälim edendigini ýatlalyň. «Barselona» Robert üçin Mýunheniň «Bawariýasyna» 45 mln ýewro töledi, ýene 5 mln ýewrony dürli bonuslar görnüşinde bermek göz öňünde tutuldy.
33 ýaşly Lewandowski katalonlylar bilen dört ýyllyk şertnama gol çekişdi. Şertnamanyň bir düzgünnamasyna laýyklykda polşaly futbolçynyň dänme haky 500 mln ýewrodan ybarat.


06.06.2026 10:24
5.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.6k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......