Guterriş klimatyň üýtgemeginden zyýan çekýän ýurtlara ýylda $100 mlrd ibermäge çagyrdy

  • 20.07.2022 15:00
  • 16k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş baý döwletleri klimat üýtgemeleriniň netijelerini ýeňip geçmäge kömek etmek üçin ösüp barýan ýurtlara ýylda $100 mlrd bölüp bermek wadasyny ýerine ýetirmäge çagyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“Her ýyl $100 mlrd bölüp bermek wadasyny sözde saklamagy bes etmeli. Ýerine ýetirilmeli möhleti, tertipnamany aýdyňlaşdyryň, anyk maglumatlary beriň” – diýip, Associated Press (AP) 40 ýurduň gatnaşmagynda Berlinde başlanan klimat konferensiýasynda Baş sekretaryň aýdan sözlerini getirýär.

AP iýun aýyndaky tehniki gepleşikleriň ösüp barýan ýurtlara klimat üýtgemelerine uýgunlaşmakda kömek etmek ýaly mowzuklarda birneme öňegidişlik görkezendigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde bu maksatlara her ýyl $100 mlrd gönükdirmek maksadyna bolsa heniz 2020-nji ýylda ýetilmelidi.
Mundan başga-da, Guterriş 2015-nji ýyldaky Pariž şertnamasynda göz öňünde tutulan global ýylamany Selsiý boýunça 1,5 gradus bilen saklamak meselesini ýerine ýetirmegiň barha kynlaşýandygyny duýdurdy. BMG-niň Baş sekretary dürli ýurtlar tarapyndan gazylyp alynýan ýangyjyň dowamly ulanylmagyny tankytlady. 
Ýewrokomissiýanyň baştutanynyň orunbasary Frans Timmermans ÝB-niň käbir ýurtlarynyň gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylyşyny artdyrýandygyna garamazdan, ÝB-niň häzirem klimat gurşawynda maksatlara ýetmäge ýykgyn edýändigini aýtdy.
AP Berlindäki häzirki gepleşikleriň noýabr aýynda Müsürde geçiriljek BMG-niň klimat sammitiniň öňüsyrasynda baý we garyp ýurtlaryň arasyndaky ynamy dikeltmäge gönükdirilendigini düşündirýär.


30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

27.04.2026 02:06
4.1k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......