«Barselona» Lewandowsikini almak barada «Bawariýa» bilen ylalaşyga geldi

  • 16.07.2022 13:06
  • 16k+

«Bawariýanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski ýakyn günlerde «Barselona» bilen şertnama gol çekişer. Transferiň ähli ownuk meseleleri klublaryň arasynda ahyry ylalaşyldy diýip, belli insaýder Fabrisio Romano habar berýär.

Lewandowskiniň "Barselona" bilen ylalaşygy 2025-nji ýyla çenli göz öňüne tutulandyr, transfer hakynda öňümizdäki dynç günleri resmi taýdan mälim ediler diýip garaşylýar. "Bawariýa" bu geçiş üçin 50 mln ýewro alar.
Möwsüm gutarandan bäri geçen döwrüň içinde Lewandowski "Çelsi" hem-de "PSŽ" bilen gepleşikleri geçirmekden üzül-kesil ýüz öwürdi, karýerasyny dowam etmek üçin diňe "Barselonany" saýlap,  öz diýeninde berk durdy.
Geçen möwsümde Lewandowski ähli turnirlerde "Bawariýanyň" düzüminde 46 oýunda çykyş etdi, 50 gol geçirdi (Bundesligada 35, Çempionlar ligasynda 13, Germaniýanyň Superkubogynda 2) we 7 gezek netijeli pas berdi.


düýn 10:36
3.3k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
5.7k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

12.06.2026 18:20
4.9k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

10.06.2026 19:10
7.1k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......