“Grammy” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 5-nji fewralda Los-Anjelesde geçiriler

  • 17.07.2022 09:19
  • 5.4k+

“Grammy” amerikan aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 5-nji fewralynda Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriler. Bu barada baýragy gowşuryjy Milli sungat we grammofon ýazgysy tehnikasynyň akademiýasynyň saýtynda habar berilýär. Muny TASS ýetirýär.

91 kategoriýada laureatlary yglan etjek dabara indiki ýyl 65-nji gezek geçiriler. Ol 5-nji fewralda Crypto.com Arena meýdançasynda (2021-nji ýyla çenli Staples Center hökmünde belli) geçiriler. 
Abraýly baýrak üçin nominantlar şu ýylyň 15-nji noýabrynda yglan ediler. Ses berişlik 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Bu baýraga 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabry aralygynda çykarylan aýdym-saz eserleri dalaş edip bilýär.
1957-nji ýylda ABŞ-da Milli sungat we grammofon ýazgysy tehnikasynyň akademiýasy esaslandyryldy. Bu gurama 1958-nji ýylda “Grammy” adyny alan baýragy (“grammofon” sözünden, ýeňijilere hut şonuň şekilinde heýkeljik gowşurylýar) döretdi.
“Grammy-nyň” ilkinji gowşurylyş dabarasy 1959-njy ýylyň 4-nji maýynda boldy. Ol iki şäherde parallel geçirildi: Los-Anjelesde we Nýu-Ýorkda. Baýraklar geçen ýylyň aýdym-saz üstünlikleri üçin 20-den gowrak nominasiýada berildi.


29.05.2026 23:05
5k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.3k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......