Günorta Koreýanyň kompaniýasy Türkmenistanda ýüzi tanaýyş ulgamyny ornaşdyrar

  • 14.07.2022 08:21
  • 27k+

Günorta Koreýanyň Wavus kompaniýasy Türkmenistana emeli aňyň esasynda ýüzleri we ulag serişdeleriniň belgilerini tanamak mümkinçiligi bolan toplumlaýyn wideogözegçilik  ulgamyny getirer diýip, Orient agentligi habar beriş serişdelerine salgylanyp ýazýar.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde uly göwrümli maglumatlary ýygnamagy we işläp taýýarlamagy awtomatlaşdyrýan «akylly» daşky gözegçilik kameralaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şertnamanyň umumy bahasy 8,5 mln dollar.
Öndüriji-kompaniýa infrastrukturany gurnamak, oňa hyzmat etmek we abatlamak işlerini alyp barar. Taslamany 2023-nji ýylyň ahyryna çenli durmuşa ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.  
Wavus halkara bazarynda 2013-nji ýyldan bäri işleýär we işine soňuna çenli jogap bermegi teklip edip, "akylly" şäherlerde, iri howa menzillerinde we olimpiýa toplumlarynda howpsuzlygy üpjün edýän tehnologiýalary döredýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......