Sambo boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda 2025-nji ýylyň noýabrynda geçiriler

  • 14.07.2022 08:48
  • 8.9k+

2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde çempionaty geçirmek üçin ygtyýar berýän degişli Karara 13-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Halkara sambo federasiýasy bilen ylalaşyp, Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakynda Düzgünnamany işläp taýýarlar we tassyklar.
Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi çempionata daşary ýurtly gatnaşyjylara terjimeçilik hyzmatyny etmek üçin, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplary meýletinçiler hökmünde çekmegi üpjün etmäge borçly edildi.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we onuň beýleki sport maksatly desgalarynda sambo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleriniň hem-de çempionata gatnaşjak daşary ýurt döwletleriniň türgenleriniň okuw türgenleşiklerini geçirmegi guramak tabşyryldy.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....