«Mirasdüşerler» serialy «Emmi» üçin nominasiýalaryň sany boýunça lider boldy

  • 13.07.2022 18:09
  • 8.8k+

«Mirasdüşerler» serialy ABŞ-nyň telewideniýe akademiýasynyň «Emmi» baýragy üçin nominasiýalaryň sany boýunça lider boldy diýlip, baýragyň resmi saýtynda habar berilýär. Bu barada interfax.ru belleýär.

HBO taslamasy 25 kategoriýada görkezilýär. Onuň yzyndan “Ted Lasso” we “Ak lotos” (hersi 20 nominasiýada), “Bir binadaky ölüm” (17 nominasiýa) we “Eýforiýa” (16 nominasiýa) gelýär.
“Iň gowy drama serialy” kategoriýasynda sekiz serial hödürlenýär (Netflix kompaniýasynyň üç, HBO-nyň iki taslamasy, Apple TV-niň, AMC-niň we Showtime-yň hersinden bir taslama): “Kalmar oýny”, “Gowusy Sola jaň ediň”, “Eýforiýa”, “Örän täsin işler”, “Bölünişik”, “Eşegarylar”, “Ozark” we “Mirasdüşerler”.
“Iň gowy komediýa serialy” nominasiýasynda baýrak üçin “Ebbott başlangyç mekdebi”, “Barri”, “Mekirlikler”, “Bir binadaky ölüm”, “Ajaýyp hanym Meýzel”, “Ted Lasso” we “Biz kölegede näme edýäris” bäsleşer.
Iň gowy miniserial “Döwüş”, “Çykyp giden”, “Annany oýlap tapyp”, “Pem we Tommi” we “Ak lotos” bolup biler.
Drama serialynda iň gowy aktrisa adyna Jodi Komer (“Ýewany öldürip”), Lora Linni (“Ozark”), Melani Linski (“Eşegarylar”), Sandra O (“Ýewany öldürip”), Riz Uizerspun (“Irki şou”) we Zendeýa (“Eýforiýa”) dalaş edýär. Drama serialynda iň gowy aktýor Jeýson Beýtman (“Ozark”), Braýan Koks (“Mirasdüşerler”), Li Jon-je (“Kalmar oýny”), Bob Odenkýork (“Gowusy Sola jaň ediň”), Adam Skott (“Bölünişik”) ýa-da Jeremi Strong (“Mirasdüşerler”) bolup biler.
“Emmi” baýragynyň 74-nji gowşurylyş dabarasy 12-nji sentýabrda geçiriler.


düýn 11:43
3.1k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.3k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....