AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi

  • 08.07.2022 18:16
  • 10k+

AnTuTu bençmarkynyň topary 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýagdaýa görä dürli baha kategoriýalarynda baha we öndürijilik gatnaşygy taýdan iň gowy Android smartfonlarynyň reýtingini neşir etdi. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Şeýlelikde, iň arzan kategoriýada geçen ýylky flagman SoC Snapdragon 888+ çipseti bilen işleýän Motorola Edge S30 birinji orny eýeleýär we Hytaýda 1769 ýuana (264 dollar) durýar. 1999 ýuana çenli bolan (298 dollara çenli) iň arzan kategoriýada ikinji orny Dimensity 8100-e esaslanýan Redmi Note 11T Pro, üçünji orny iQOO Z5x eýeleýär. 
2000-den 2999 ýuana çenli (299-dan 447 dollara çenli) kategoriýada Motorola Edge X30 lider boldy, ikinji orunda Redmi K50 Gaming Edition, üçünji orunda iQOO Neo5S ýerleşdi.
3000-den 3999 ýuana çenli (448-den 596 dollara çenli) kategoriýada birinji orny Lenovo Legion Y90 eýeleýär, onuň yzyndan iQOO 9 we Realme GT2 Pro gelýär.
4000-den 4999 ýuana çenli (597-den 746 dollara çenli) kategoriýada birinji orny Nubia Red Magic 7 Pro, ikinji orny iQOO 9 Pro, üçünji orny OnePlus 10 Pro eýeledi.
747 dollardan ýokary bahaly iň gymmat smartfonlaryň arasynda Oppo Find X5 Pro liderlik edýär, ikinji orunda Vivo X80 Pro, üçünji orunda Oppo Find X3 Pro ýerleşýär. 

şu gün 20:25
538

UFC-niň hemaýatkäri Ak tamda geçjek turniriň söweşijilerine 1 million dollar bonus berer

14-nji iýunda ABŞ-nyň Ak tamynda geçiriljek UFC turniriniň gatnaşyjylary umumy bahasy 1 million dollar bolan goşmaça baýraklary almak mümkinçiligine eýe bolar. Bu jomartlygy UFC-niň hyzmatdaşy bolan Crypto......

şu gün 16:46
2.6k+

Alymlar zehinli adamlaryň näme üçin ýalňyzlyk çekýändigini düşündirdiler

IQ derejesi ýokary bolan adamlar köplenç özlerini jemgyýetden çetde ýaly duýýarlar we güýçli utanç duýgusyny başyndan geçirýärler. Bu bolsa olaryň adamlara öwrenişmegini kynlaşdyrýar diýip, Your Tango neşiri......

şu gün 16:39
2.8k+

Hažžyklar we ýarganatlar Berlindäki müň öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna päsgel berýärler

Berlinde gurulýan ilkinji 167 metrlik gökdirän ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy gum hažžyklaryny, samyrlary we ýarganatlary goramak zerurlygy sebäpli yza süýşürilýär diýip Bild gazeti habar berýär....

şu gün 16:36
909

Paramount Ýakyn Gündogar gaznalaryndan Warner Bros.-y satyn almak üçin $24 milliard goldaw aldy

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ni satyn almak maksady bilen, Ýakyn Gündogaryň üç sany döwlet gaznasyndan takmynan 24 milliard dollar maliýe goldawyny aldy....