Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson wezipesinden aýryldy

  • 07.07.2022 17:54
  • 26k+

Boris Jonson Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri we Konserwatorlar partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

"Häzirki wagtda Konserwatorlar partiýasynyň täze lider we şonuň bilen bilelikde täze Premýer-ministr bellemek isleýändigi düşnükli. Men Konserwatorlar partiýasynyň täze liderini saýlamak çäresiniň häzir başlamalydygy babatda Grem Breýdi bilen ylalaşdym» — diýip Jonson ýurda ýüzlenmesinde belledi.

Premýer soňky günlerde kärdeşlerini ýurduň Hökümetini üýtgetmezlige ynandyrmaga synanyşandygyny aýtdy.

"Bu meseleler babatda üstünlik gazanyp bilmändigime gynanýaryn. Ep-esli ideýalardyr taslamalary özümiň ahyryna çenli alyp gidip bilmejekdigime gynanýaryn" - diýip, ol belledi.

Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, konserwatorlaryň täze lideri oktýabrda geçiriljek ýygnanyşykda saýlanar, emma partiýanyň käbir agzalary Premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirjek adamy eýýäm şuwagtdan saýlamaga çagyrýarlar.


düýn 15:33
2.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...