Afrikada 95:0 we 91:1 hasap bilen tamamlanan futbol duşuşyklary derňew edilip başlandy

  • 07.07.2022 12:57
  • 33k+

Sýerra-Leoneniň futbol assosiasiýasy (SLFA) jemi 187 gol salnan iki oýnuň netijesi boýunça derňew işiniň başlanandygyny habar etdi.

Günbatar Afrikada ýerleşýän Sýerra-Leoneniň Ikinji diwizionynda "Kahunla Reýnjers" 95:0 hasap bilen "Lumbebu Ýunaýtedden" üstün çykdy, "Galf" bolsa "Kokima Liwany" 91:1 netije bilen utdy. Şunuň ýaly ýokary netije ýurduň futbol boýunça ýolbaşçylarynyň öňünde birgiden sowaly ör boýuna galdyrdy, üstesine, bu oýunlaryň birinji ýarymy birneme adatyrak hasaplar bilen (2:0 we 7:1) tamamlanypdy ahyry.
SLFA duşuşyklaryň netijelerini dessine ýatyrdy we günäkärleri jogapkärçilige çekmek maksady bilen derňewe başlanandygyny we meseläni dykgat bilen öwrenjekdigini habar berdi.
Onsoňam munuň ýaly hasaplaryň, megerem, sport wakalaryna goýum goýmak bilen  hiç hili baglanyşygynyň ýokdugy täsindir. Oýunlar bir wagtda başlapdyr, "Kahunla Reýnjerisiň" we "Galfyň" bolsa saýlama diwizionda ýer almak ugrundaky göreşde utuklarynyň sany deň eken. Sebäp - salnan toplaryň aratapawudyndaky bäsdeşlikde. Gyzykly ýeri, "Galf" - "Kokima Liwan" oýnunyň arbitry arakesme wagtynda işini dowam etmekden boýun gaçyrypdyr we başgasy bilen çalşylypdyr. 


düýn 19:10
4.6k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....